Pakistanyň Tährandaky ilçisi: Terrorçylar iki ýurduň umumy duşmanydyrlar
(last modified Mon, 14 Apr 2025 08:47:34 GMT )
Apr 14, 2025 13:47 Asia/Ashgabat
  • Pakistanyň Tährandaky ilçisi: Terrorçylar iki ýurduň umumy duşmanydyrlar

Pakistanyň Tährandaky ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň resmileriniň Pakistanyň raýatlaryna garşy bolup geçen soňky terrorçylykly wakany yzarlamak ugrundaky tagallalaryna we hyzmatdaşlygyna ynam bildirip, terrorçylyk we onuň elementeri iki ýurduň umumy duşmanydyrlar diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Pakistanyň Tährandaky ilçisi Muhammet Mudassar Tipu Sistan we Bulujystan welaýatynda gazaply we ýigrenji hereketde sekiz pakistan raýatynyň öldürilendigini aýtdy.

Pakistanyň Tährandaky ilçisi sözüniň dowamynda, derrew derňewi geçirmek we bu terrorçylykly wakany günäkärleýänleri jogapkärçilige çekmek üçin Eýran häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýarys diýdi.

Päkistanyň ilçisi Tähranyň iň ýokary hyzmatdaşlygyny yglan edendigine ynam bildirdi.

Muhammet Mudassar terrorçylygyň we onuň wekilleriniň Eýran we Pakistan ýurtlarynyň umumy duşmanydygyny aýtdy.

Düýn Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi Pakistanyň birnäçe raýatynyň ölümine sebäp bolan Sistan we Bulujystan welaýatynyň Mehrestan şäherinde bolup geçen terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

Bakaýi terrorçylygyň ähli görnüşlerini ýazgaryp, bu aýylganç hadysa milli we sebit derejesinde garşy durmagyň zerurdygyny aýtdy we Eýranyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.