Mirşeimer: Trump Eýran bilen söweşmek islese akmak!
Tanymal halkara gatnaşyklar pikirçisi Jon Mirşeimeriň pikiriçe, ABŞ-nyň prezidenti Eýran bilen gapma-garşylyk gözlese akmak bolar.
Tanymal halkara gatnaşyklar boýunça akyldar, Çikago uniwersitetiniň professory we halkara gatnaşyklaryndaky realizm ugrundaky öňdebaryjy hünärmenleriň biri Jon Mirşeimer ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Eýrana abanýan haýbatlaryna ünsi çekip, ony "samsyk" diýip atlandyrdy.
Pars Today ISNA habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Mirşeimeriň, Tähran bilen ylalaşyk gazanylmasa, Eýrany bombalamak islegi baradaky soraga jogap hökmünde, "Trump her gün täze we gapma-garşylykly sözler aýdýar. Sözlerini üýtgetmek hiç hili güýç sarp etmeýär we Trump sözlerini aňsatlyk bilen üýtgedýär. Sözlerine kän bir ähmiýet bermeli däl" -diýdi.
Amerikaly akyldar sözüni dowam etdirip, "Meniň pikirimçe, Trump Ysraýyl we Amerikanyň nukdaýnazaryndan diňe iki ýol bar; Eýrany bombalamak ýa-da bu ýurt bilen ylalaşyk gazanmakdyr. Emma Trump Eýrany bombalamak islemeýär. Şeýle karar berse akmak bolardy. Eýrana garşy islendik çäre dünýä ykdysadyýeti, Günbatar Aziýa sebiti we global howpsuzlyk ýagdaýy üçin köp ýaramaz netijeleri getirer. Eýrana hüjüm etmek uly ýalňyşlyk bolar. Netijede, Eýran bilen şertnama gözlemeli " diýdi.
Mirşeimer sözüni dowamynda "Trump ýadro şertnamasyna meňzeş şertnama gol çekmäge synanyşyp biler, ýöne has çäklendirmeler bilen" diýdi.