Howpsuzlyk Geňeşi Amerikan-Ysraýylyň Gazada baradaky meýilnamasyna garşy çykyldy
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň köp agzasy ABŞ-Ysraýylyň Gaza zolagyna kömek ibermek baradaky täze meýilnamasyna garşy çykdylar.
“Roýter” habarlar gullugynyň habaryna görä, meýilnama 300 000 adama hyzmat etmek üçin dört paýlaýyş bazasyny döretmegi öz içine alýar. Kömek, şol sanda azyk we derman paketleri gözegçilik edilýän ugurlar arkaly daşalýar. Resminamada Ysraýyl goşunynyň bu bazalaryň içinde ýa-da töwereginde ýerleşdirilmejekdigi we "ýaragly toparlar" ýa-da jenaýatçylykly toparlar diýlip atlandyrylýanlayň öňüni almak üçin hünärmen güýçler tarapyndan howpsuzlyk üpjün ediljekdigi nygtalýar.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Jerom Bonafonte sişenbe güni bu mehanizmiň halkara hukugyna ters gelýändigini we halkyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyna ýol bermeýändigini aýtdy.
Daniýanyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Kristina Markus Lassen hem Gazanyň halkynyň täze mehanizme mätäç däldigini we zolagyň gabawynyň hiç hili şertsiz ýatyrylmalydygyny aýtdy.
Sloweniýanyň ilçisi we hemişelik wekili Samuel Zbogar hem bu meýilnamanyň iň az ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyk gelmeýändigini duýdurdy.
Beýleki tarapdan, Russiýanyň ilçisi we BMG-däki hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia hem bu meýilnama BMG-ni (Ysraýylyň) harby operasiýalaryna hyzmatdaş edýär we ynsanperwerlik çäreleriniň bitaraplygyna howp salýar diýdi. Hytaýyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Fu Kong hem ynsanperwer kömegi, bitaraplyk we garaşsyzlyk ýörelgelerini, ýarag hökmünde ulanmaly däldigini aýtdy.