Sionist režimiň Waşingtondaky ilçihanasynyň işgärlerine hüjüm edildi
(last modified Thu, 22 May 2025 08:53:23 GMT )
May 22, 2025 13:53 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Waşingtondaky ilçihanasynyň işgärlerine hüjüm edildi

Sionist režimiň ilçihanasynyň iki işgäri, Waşington şäherindäki ýewreý muzeýinde Amerikan ýewreý komiteti tarapyndan geçirilen dabaranyň daşynda bolan ok atyşykda öldürildi.

Pars Today habar gullugynyň ISNA habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, ABŞ-nyň içerki howpsuzlyk sekretary Kristy Noem, çarşenbe güni agşam Waşington şäherindäki ýewreý muzeýiniň golaýynda bolan ok atyşykda Ysraýylyň ilçihanasynyň iki işgäri öldürildi.

Habarlara görä, FBI-nyň Terrorçylyk topary bu wakanyň sebäbini derňeýär. ABŞ-nyň Baş prokurory Pam Bundy hem atyş bolan ýere baryp görendigini aýtdy. Polisiýanyň maglumatyna görä, güman edilýän bir adam tussag edilipdir we ak adamy yzarlamak dowam edýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Ysraýylyň Waşingtondaky ilçihanasynyň iki işgäriniň öldürilmegini berk ýazgardy we bolan waka gorkak we anti-semit zorlukdy diýdi.

Ysraýylyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi "Danny Danon" "X" sosial ulgamda bu režimiň Waşingtondaky ilçihanasynyň işgärleriniň atylmagyny "anti-semit terrorizm" diýip häsiýetlendirdi.

Atyşykda bir erkek we aýal öldürildi. Sionist režimiň ilçihanasynyň işgärleri bilen birlikde beýlekiler hem ýaralandylar.

Sionist režimiň ilçihanasy hüjümçiniň, pidalaryň ýa-da hüjümiň sebäpleri baradaky soraglara entek jogap bermedi. Sionist režimiň Daşary işler ministri hem bu režimiň wekilleriniň elmydama howp astyndadygyny we bu döwürde has uly howp astyndadygyny aýtdy we režimiň Waşingtondaky ilçihanasynyň işgärleriniň atylmagynyň sebäbini Amerikan resmileri bilen ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.