Amnesty International, sionist režimiň doly boýkot edilmegini isledi
(last modified Thu, 22 May 2025 13:35:55 GMT )
May 22, 2025 18:35 Asia/Ashgabat
  •   Amnesty International, sionist režimiň doly boýkot edilmegini isledi

Amnesty International, Ýewropa Bileleşiginiň sionist režimi bilen gatnaşyklary gözden geçirmek baradaky kararyny garşy lamak bilen bu çäräni "möhleti geçen, ýöne zerur" diýip atlandyrdy we basyp alyjy režim bilen ähli ykdysady we harby hyzmatdaşlygy haýal etmän togtatmaga çagyrdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Amnesty International guramasynyň Ýewropa institutlarynyň müdiri "Iw Gadi" Ýewropa Bileleşiginiň sionist režimi bilen gatnaşyklaryny gözden geçirmek baradaky kararyny garşy alyp: Palestina halkynyň soňky 19 aýda çeken görgülerini düşündirip bolmaýar we Ysraýyl režimi Gaza zolagynda genosidi dowam etdirýär diýdi.

Gadi şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň gowşak durmagy we hatda käbir agza döwletleriň basyp alyjy režime goldawy Ysraýyl režiminiň genosid maksatlary barada aç-açan gürlemegine sebäp boldy diýdi.

Ol şeýle-de adam ömrüniň gymmatyna wagt ýitirmezlik barada duýduryş bermek bilen Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler genosidiň we beýleki halkara kanunlarynyň gödek bozulmagyna goşant goşýan söwda we maýa goýumlaryny derrew bes etmeli diýdi.

Soňky günlerde, esasanam Ýewropa ýurtlaryndan halkara tankyt tolkuny, sionist režimi izolýasiýa salandyr.