Jon Kerri: Ysraýyl Eýranyň ýadro desgalaryny ýok edip bilmez
ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary sionist režimiň Eýrana hüjüm etmek synanyşygy barada çap edilen habarlara jogap hökmünde "Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryny ýok etmek ukybynyň ýokdugyny" aýtdy.
Barak Obamanyň prezidentlik döwründe ABŞ-nyň Döwlet sekretary bolup işlän we ýadro şertnamasyny gazanmak üçin Eýran bilen ýadro gepleşiklerine gönüden-göni gatnaşan Jon Kerri, Sionist režiminiň Eýrana garşy meýilnamasy barada çap edilen habarlara jogap hökmünde CNN telekanalyna beren interwýusynda bu režimiň Eýranyň ýadro desgalaryny ýok etmek ukybynyň ýokdugyny" belläp: "Bu hüjüm ýüze çykan halatynda örän howply wakalar ýüze çykar" -diýdi.
Kerri Amerikan CNN ulgamynyň habarçysy Kristian Amanpour bilen geçiren söhbetdeşlikde "Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryna zeper ýetirip bilmek ukyby bar, ýöne bu has howply tendensiýa sebäp bolar diýdi. Ol şeýle-de Prezident Trump Eýran bilen ylalaşyk gazanmak üçin dogry ýoldadygyny aýtdy".