ABŞ polisiýasy: Ýurtda atyşyk 11 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy
May 26, 2025 17:14 Asia/Ashgabat
ABŞ polisiýasy Günorta Karolinanyň kenarýaka şäherçesinde bolan ok atyşykda azyndan 11 adamyň ýaralanandygyny we keselhana äkidilendigini habar berdi.
ABŞ polisiýasy sözüniň dowamynda bu waka ýerli wagt bilen ýekşenbe güni gije "Garri County" şäheriň bir köçesinde boldy. Amerikadaky respublikan konserwatorlaryň köpüsi ýaragyň eýeçiligini möhüm we gepleşik geçirip bolmajak hukuk hasaplaýarlar.
Ýöne Amerikada giňden ýaýran ýarag zorlugy we köpçülikleýin atyşyklar başdan geçirilýärkä, demokratlar ýarag gözegçiliginiň has berk kanunlaryny öňe sürdüler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump ýakynda ýarag kanunlarynyň ugruny üýtgetmek meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.