ABŞ: Eýran bilen gepleşikler konstruktiw dowam edýär
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary sişenbe güni agşam ýerli wagt bilen ABŞ bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň konstruktiw bolup galýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tammy Brýus žurnalistlere Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň bäşinji tapgyry barada aýdan sözlerinde bu gepleşikleriň konstruktiw bolup galýandygyny we mundan beýläk-de öňegidişligimizi aýtmak bilen taraplar ýakyn wagtda ýene duşuşmak barada ylalaşdylar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň gepleşikler üçin ýörite wekili Stiw Witkoffyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň bäşinji tapgyry 23-nji maý, anna güni Italiýanyň Rim şäherinde geçirildi.
şeýle ýagdaýda Sionist tory sişenbe güni gije bu režimiň işgärlerine salgylanyp, şeýle diýdi: "Ysraýyl režiminiň işgärleri Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşikleriň gidişinden nägile we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ylalaşyk gazanmak üçin öňünden aýdyp bolmajak ädiminden alada galýarlar. "