Sionist režimiň Eýrana eden hüjümi global derejesinde ýazgaryldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i26884-sionist_režimiň_eýrana_eden_hüjümi_global_derejesinde_ýazgaryldy
Türkiýäniň Adalat we Ösüş partiýasynyň orunbasary we metbugat sekretary Sionist režimiň Eýrana eden terrorçylykly hüjümlerine jogap hökmünde şeýle diýdi: Bu bikanun hüjümi iň güýçli äheňde ýazgarýarys. Ysraýylyň hüjümi üçin kanunylyk ýa-da esas ýokdyr. Bu wagşyçylykly agressiýadyr.
(last modified 2025-06-13T07:59:08+00:00 )
Jun 13, 2025 12:59 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Eýrana eden hüjümi global derejesinde ýazgaryldy

Türkiýäniň Adalat we Ösüş partiýasynyň orunbasary we metbugat sekretary Sionist režimiň Eýrana eden terrorçylykly hüjümlerine jogap hökmünde şeýle diýdi: Bu bikanun hüjümi iň güýçli äheňde ýazgarýarys. Ysraýylyň hüjümi üçin kanunylyk ýa-da esas ýokdyr. Bu wagşyçylykly agressiýadyr.

Pars Today IRNA-nyň habaryna salgylanyp beren habaryna görä, Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň orunbasary we metbugat sekretary Ömer Çelikiň, Sionist režimiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy terrorçylykly hüjümlerine jogap hökmünde, Eýrana hüjüm etmek bilen Ysraýyl tutuş sebiti oda ýakan wagşy hüjümlerine täze hüjüm goşdy diýdi.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministrligi hem öz beýanynda şeýle diýdi: Saud Arabystany Ysraýylyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy aç-açan agressiýasyny berk ýazgarýar we ret edýär, bu özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny pese gaçyrýar we halkara kanunlarynyň we kadalarynyň aç-açan bozulmagydyr.

Hytaý hem Ysraýylyň Eýrana edýän hüjümlerine "çuňňur alada bildirdi" we Eýranyň özygtyýarlylygynyň "bozulmagyny" ýazgardy.

Pars Today anna güni beren habarynda, Pekiniň Ysraýylyň Eýrana eden hüjümlerine çuňňur alada bildirýändigini we dartgynlygy azaltmaga kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Pekin Ysraýylyň Eýrana eden hüjümlerinden çuňňur aladalanýar we dartgynlygy gowşatmaga kömek etmek isleýändigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Lin Jian žurnalistlere şeýle diýdi: Hytaý Ysraýylyň Eýrana eden hüjüminden we onuň netijelerinden aladalanýar.

Malaýziýa hem öz beýanatynda Sionist režimiň Eýrana garşy eden jenaýatçylykly hüjümlerini "jenaýatçy, biperwaý we sebit durnuklylygyna howp" diýip atlandyrdy we muny iň güýçli äheňde ýazgardy.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi sionist režimiň Eýrana eden hüjümi barada: Eýrana garşy bir taraplaýyn hüjüm gaty aladalandyryjy diýdi.

Ermenistan şeýle hem biz bu çäräni ýazgarýarys we duşmançylygy derrew bes etmegi we halkara hukugyny berjaý etmegi talap edýäris diýip nytady.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerini berk ýazgardy we konfliktiň ähli taraplaryndan saklanmaga çagyrdy.

Päkistan hökümeti hem, Sionist režimiň terrorçylykly hüjümini ýazgardy we Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti we halky bilen berk raýdaşlygy bildirmek bilen, Eýranyň özüni goramak hukugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzgünnamasynda goralýandygyny aýtdy.

Sionist režiminiň Eýran Yslam Respublikasynyň çägine guran harby hüjüminden soň, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri aýry-aýry beýanatlar ýaýratdylar we bu çäräni berk ýazgardylar we howply netijelerine duýduryş berdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, şu gün irden; 23-nji Hordadda anna güni, Sionist režimiň Tährana we ýurduň birnäçe şäherine eden terrorçylykly hüjüminden soň, birnäçe harby serkerde, alym we raýat şehit boldylar.

Sionist režimiň bu jenaýatyndan soň, Ynkylapyň LÝolbaşçysy Eýranyň beýik halkyna ýüzlenip: Bu režim agyr jeza garaşmalydyr. Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleriniň güýçli eli, Hudaý islese, oňa jogap bererler diýdiler.