Sanders: Netanýahu dünýäni has durnuksyz etdi
(last modified Sun, 15 Jun 2025 10:14:45 GMT )
Jun 15, 2025 15:14 Asia/Ashgabat
  • Sanders: Netanýahu dünýäni has durnuksyz etdi

ABŞ senatory, Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň halkara hukugyny äsgermezlik etmegi netijesinde dünýäniň has howply we durnuksyz bolandygyny aýtdy.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Wermontdan garaşsyz wekil Berni Sanders Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan söweşleriniň dünýäde has durnuksyzlygy döredendigini aýtmak bilen Eýrana birtaraplaýyn we bikanun hüjümi giň gerimli sebit urşy howpuny döredýär diýdi.

Sanders şeýle-de ABŞ Netanýahua başga bir söweşe goşulmajakdygymyzy aç-açan görkezmelidiris diýip duýduryş bermek bilen bu konfliktiň möwjemeginiň öňüni almak we taraplary gepleşik stoluna getirmek üçin halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde elimizden gelenini etmeli diýip beýan etdi.

Berni Sandersiň aýdan sözleri we ABŞ-a Ysraýyl-Eýran söweşinden daşda durmagy baradaky duýduryşy bir ýagdaýda bolýar welin, Waşingtonyň goldawy bilen Tel Awiw Eýrana hüjüm edendir.

Şunuň bilen baglylykda Amerikaly syýasy analitik Fiorella Isabelle X sosial ulgamynda bir surat ýerleşdirdi we Amerikanyň ýangyç guýýan uçarlary Kataryň Al-Udeid howa bazasyndan uçup, Ysraýyl uçarlaryna ýangyç berendigini ýazdy.