Putin: Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek synanyşygy barada hiç hili subutnama ýok
Russiýanyň prezidenti şu gün (şenbe) habarlar ulgamyna beren interwýusynda ne Moskwanyň, ne-de Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek isleýändigini subut etýän subutnamasynyň ýokdygyny aýtdy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin "Sky News" arap habar kanalyna beren interwýusynda: "Russiýanyň, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen bilelikde Eýranyň ýadro ýaragyny edinmäge taýýardygyny görkezýän subutnamasynyň ýokdugyny aýtmalydyryn" -diýdi.
Ol sözüni dowam etdirp "Eýranyň şeýle ýaragy edinmegi isleýändigini görkezýän subutnamanyň ýokdugyny Ysraýyla birnäçe gezek habar berdik"- diýdi.
Şeýle hem Putin, Moskwanyň Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak hukugyny goraýandygyny aýtdy we Russiýanyň Eýrana bu meselede zerur goldaw berip biljekdigini aýtdy.
Russiýanyň prezidenti, Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň ýoluna ünsi çekip, bu meselede ylalaşyk gazanyp boljakdygyny aýtdy.
Putin şeýle-de, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek islemeýändigini ençeme gezek belländigine yşarar edip, "Halkara Atom Energiýasy Guramasynda Eýranyň ýadro ýaragynyň bardygyny ýa-da olary edinmek isleýändigini görkezýän subutnama ýok" -diýdi.
Şeýle hem ol, Moskwanyň bütin dünýäde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyny ret etmek baradaky tutumyny ýene bir gezek gaýtalamak bilen, "Eýran ýadro ýaragyny ulanmagy gadagan edýän karar çykardy we bu meselä çynlakaý çemeleşilmelidir"-diýdi.