Tunis: Biz diňe Eýrana garşy agressiýalary ýazgarmak bilen kanagatlanamzok
Tunisiň Daşary işler ministrligi, dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, Eýrana garşy agressiýany bes etmegi isledi.
Pars Today -iň Mehr habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Tunisiň Daşary işler ministrligi, duşmanyň dostlukly ýurda, Eýrana garşy agressiýasy bes edilmeli. Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çozuşlaryny ýazgarmak bilen kanagatlanamzok diýdi.
Tunisiň Daşary işler ministrligi şeýle-de Halkara hukugy Eýrana haýsydyr bir bahana ýa-da at bilen agressiýa ýol bermeýär diýip yglan etdi.
Bu ministrlik sözüniň dowamynda Eýrana garşy agressiýa beýleki jenaýatlaryň, esasanam palestinalylaryň genosidiniň ýatdan çykarylmagyna sebäp bolmaly däldir diýmek bilen geljek dünýäniň erkin halklaryna degişlidir diýip beýan etdi.
ABŞ-nyň ýekşenbe güni (22-nji iýunda) Eýranyň ýadro desgalaryna garşy agressiýasy şu wagta çenli sebitdäki we dünýädäki ýurtlaryň arasynda negatiw reaksiýa döretdi.