Päkistan mejlisiniň Eýrana we ynkylap liderine berk goldawy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i26916-päkistan_mejlisiniň_eýrana_we_ynkylap_liderine_berk_goldawy
Päkistan mejlisiniň agzalary Eýran Yslam Respublikasyny we ynkylap liderini Amerikan-Sionist agressiýasyna garşy berk goldaýandyklaryny mälim etdiler.
(last modified 2025-06-23T07:22:42+00:00 )
Jun 23, 2025 12:22 Asia/Ashgabat
  • Päkistan mejlisiniň Eýrana we ynkylap liderine berk goldawy

Päkistan mejlisiniň agzalary Eýran Yslam Respublikasyny we ynkylap liderini Amerikan-Sionist agressiýasyna garşy berk goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Pars Today -iň habaryna görä, ABŞ-nyň we Sionist režimiň Eýrana garşy bikanun we agressiw hüjümlerinden soň,  Päkistan mejlisiniň agzalary duşenbe güni demonstrasiýa geçirdiler we Eýran Yslam Respublikasyny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Habarlarda Pakistanyň Milli Assambleýasynyň açyk oturşygynda Pakistan Musulman Agzybirligi partiýasy we Halk partiýasy ýaly dürli partiýalaryň wekilleriniň Aýatolla Hameneýiniň suratlaryny göterip, Yslam respublikasynyň ýolbaşçylaryna wepalydyklaryny we goldaýandyklaryny mälim etmek bilen, ABŞ we Sionist režiminiň hereketlerine berk garşydyklaryny mälim edýändigi aýdylýar.

Pakistan Tehreek-e-Insafyň (Pakistanyň öňki premýer-ministri Imran Han bilen baglanyşykly) wekilleri hem "Amerika ölümi" we "Ysraýyla ölüm" şygarlary bilen plakatlar göterip, Eýran halky we hökümeti bilen raýdaşlygyny görkezdiler.

Päkistan parlamentiniň wekileriniň bu çäresi içerki we daşary ýurt habar beriş serişdelerinde giňden ýaýrady bu sebitde Eýran üçin sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çozuşlaryna garşy meşhur we syýasy goldawyň täze tolkunyny görkezýär.