Rafael Grossi: Eýranda ýadro ýaragy ýokdyr
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Eýranyň ýadro meselesini uzak möhletleýin çözmegiň diplomatik gepleşiklerdigini belläp, Eýranyň ýadro ýaragynyň ýokdugyny aýtdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Tähranyň parahatçylykly ýadro maksatnamasyna garşy karar çykarmak bilen ozal ABŞ we Sionistleriň Eýrana garşy agressiýasyna ýol açan Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi CBS telekanalynyň «Face the Nation» atly ýörite söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro mümkinçilikleri we tehniki bilimleri henizem üýtgewsiz we uzak möhletli çözgüt diplomatik gepleşiklerdir diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri sözüniň dowamynda, biz hemişe aragatnaşyk saklaýarys, indi aragatnaşygy dikeltmeli diýdi.
Grossi, ABŞ-nyň agressiýasyndan soň Eýranyň ýadro desgalaryna ep-esli zyýan ýetmändigini aç-açan boýun almak bilen birnäçe aýyň içinde ýa-da ondanam az wagtyň içinde baýlaşdyrylan urany öndürip bilýän birnäçe sentrifuga kaskadlaryny öndürip biljekdigine ynanýaryn diýdi.
4-nji Tirde, çarşenbe güni geçirilen köpçülikleýin mejlisde, Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komitetiniň hökümetden Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygy togtatmagyny talap etmek baradaky teklibi baradaky birnçe wekiliň ileri tutulýan haýyşyna garalanda, Yslam Şura mejlisiniň wekilleri bu haýyşa 210 oňýn ses bilen, palata gatnaşan jemi 219 adamdan bu haýyşa razy boldular.