Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy duýduryş berýär: Gazadaky keselhanalar krizisde
https://parstoday.ir/tk/news/world-i26962-bütindünýä_saglygy_goraýyş_guramasy_duýduryş_berýär_gazadaky_keselhanalar_krizisde
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Gazadaky saglyk ulgamynyň ýagdaýy barada duýduryş berip, has giň gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin sebitdäki hassahanalara ýangyç, möhüm hyzmatlar we gorag üpjünçiligini gyssagly üpjün etmegi talap etdi.
(last modified 2025-07-05T03:28:49+00:00 )
Jul 05, 2025 08:28 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy duýduryş berýär: Gazadaky keselhanalar krizisde

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Gazadaky saglyk ulgamynyň ýagdaýy barada duýduryş berip, has giň gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin sebitdäki hassahanalara ýangyç, möhüm hyzmatlar we gorag üpjünçiligini gyssagly üpjün etmegi talap etdi.

Pars today-iň habaryna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, esasy desgalaryň we ýangyjyň ýoklugynyň Gazadaky köp sanly operasiýany we lukmançylyk hyzmatlaryny togtatandygyny we bu ýagdaý dowam etse gumanitar betbagtçylyga sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle hem bu gurama agyr ýaralanan çagalaryň şol sanda kellesine ýarag oky degenleriň lukmançylyk edaralaryna geçirilendigini habar berdi we ýaralananlaryň köpüsiniň Gazanyň daşyndaky gyssagly bejergä mätäçdigini aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Han Ýunisdäki Nasser keselhanasynyň häzirki wagtda köplenç kömek paýlaýyş merkezleriniň golaýynda nyşana alnan ýaralananlary bejermek üçin ullakan gyssagly kömek bölümi hökmünde işleýändigini habar berdi.

Bu gurama şeýle-de, Gazada ýeterlik iýmitlenmezligiň öňüni almak üçin zerur harytlaryň we azyk önümleriniň gelmeginiň zerurdygyny aýtdy.