Professor Rawandi: Netanýahunyň Eýrana garşy gumar oýnamagy şowsuz synag boldy
(last modified Sat, 05 Jul 2025 07:11:26 GMT )
Jul 05, 2025 12:11 Asia/Ashgabat
  • Professor Rawandi: Netanýahunyň Eýrana garşy gumar oýnamagy şowsuz synag boldy

Russiýanyň Gündogar öwreniş institutynyň uly ylmy işgäri professor Lana Rawandi, Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tähranda syýasy ulgamy üýtgetmek maksady bilen Eýrana garşy agressiýasynyň ahlak we hukuk kadalaryny bozýan şowsuz synagdygyny aýtdy.

Pars today-iň habaryna görä, Professor Lana Rawandi, "Mehr" habar gullugyna beren interwýusynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen we ahlak, hukuk we diplomatik kadalary äsgermezlik etmek bilen Eýrana hüjüm edip, bu ýurduň syýasy ulgamyny agdarmagy maksat edinýärdi diýdi.

Rawandi bu ädimi diňe bir öz maksatlaryna ýetip bilmän, käbir günbatar ýurtlary tarapyndan "goranmak" ady bilen agressiýa üçin kabul ederliksiz delil görkezen şowsuz oýun diýip häsiýetlendirdi.