Braziliýanyň prezidenti: NATO ýarag ýaryşyna itergi berýär
Braziliýanyň prezidenti, NATO agza ýurtlaryň (Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasy) goranyş we harby çykdajylaryň köpelmegini tankytlap, urşa maýa goýmak parahatçylykdan elmydama aňsat we NATO ýarag ýaryşyny güýçlendirýär diýdi.
Braziliýanyň prezidenti Lula da Silwa BRIKS (Ösüp barýan bazarlar koalisiýasy) sammitinde jemi içerki önümiň 5 göterimini harby çykdajylara bölüp berilmegini wada berlen 0.7 göterimi “Resmi ösüş kömegi” (ODA) paýlamakdan has aňsatrakdyr diýdi.
Lula da Silwa Ikinji jahan urşundan bäri ýaragly çaknyşyklaryň “görlüp-eşidilmedik mukdaryny” başdan geçirýän dünýäde “görlüp-eşidilmedik köptaraplaýynlygyň çökmegine” ünsi çekdi.
BRIKS sammitiniň bu tapgyryna ýer eýeçiligini edýän Braziliýanyň prezidenti, NATO agzalarynyň hereketini tankytlady we NATO-nyň soňky karary bu ýarag ýaryşyna itergi berýär diýdi.
24-25-nji iýunda geçirilen iň soňky sammitinde NATO-nyň agzalary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň teklibi bilen goranyş çykdajylaryny ykdysadyýetleriniň jemi içerki önüminiň bäş göterimini artdyrmak barada ylalaşdylar.