Waşington näme üçin BRICS-den gorkýar?
BRICS ösüp, global Günortadaky möhüm ýurtlary öz içine almak bilen giňelip başlansoň, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýene bir gezek bu bileleşigi ykdysady topar hökmünde däl-de, eýsem alyp barýan halkara tertibine howp hökmünde garaýar.
Ak tamyň metbugat sekretary Karolin Leawitt Prezident Donald Trumpyň ABŞ-nyň dünýä arenasynda adalatly garalmagyny üpjün etmek isleýändigini aýtmak bilen Trump-nyň BRICS toparynyň Waşingtonyň bähbitlerine zyýan ýetirmäge synanyşýandygyna ynanyp bu ýurtlaryň ABŞ-dan we halkyndan hyýanatçylykly peýdalanmagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti bu barada sosial habarlaşma hyzmaty “Truth Social” -da ýazan hatynda şeýle ýazdy: "BRICS agza ýurtlaryň anti-Amerikan syýasatlaryna laýyk gelýän islendik ýurt goşmaça 10% nyrh tölener. Bu syýasatda kadadan çykmalar bolmaz. Bu meselä üns bereniňiz üçin sag boluň!"
Ak tamyň metbugat sekretarynyň we ABŞ-nyň prezidentiniň edarasynyň aýdan sözleri, Waşingtonyň täze, köp polýar tertip döretmek baradaky çuňňur aladasyny görkezýär; Günbatar güýçleriniň, esasanam ABŞ-nyň birtaraplaýyn düzgünlerine boýun egmeýän we äsgerilmedik ýurtlaryň sesleri bilen global deňlemeleri kesgitlemäge çalyşýarlar.
Emma Amerika näme üçin aladalanýar? Birnäçe ýyl bäri global tertip ABŞ-nyň maliýe we syýasy ulgamynyň agdyklyk etmeginden emele geldi we kiçi ýurtlar Waşington tarapyndan kesgitlenen çäklerde oýnamaga mejbur boldular. Şeýle kontekstde, ABŞ-nyň agalyk etmeginden syýasy we ykdysady garaşsyzlyga esaslanýan we ABŞ-nyň gegemoniýasyna garşy çykýan BRICS ýaly guramalaryň döremegi Waşingtonda güýçli seslenme döretdi.
Bu toparyň ösmegine Trumpyň soňky reaksiýalary diňe bir güýç pozisiýasyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem çuňňur gorkyny hem görkezýär; birtaraplaýyn tertipiň çökmegi we Amerikanyň islegine boýun bolmak borjy ýok bolan köp polýar tertipiň döremeginden döreýän gorky.