Russiýa: Urany geçirmek baradaky teklibimizi Eýran we ABŞ bilýär
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eýran, ABŞ we Halkara Atom Energiýasy Guramasy, düşünişmezlikleri çözmek üçin Eýranyň artykmaç urany geçirmek baradaky teklibinden habarlydyrlar diýdi.
Pars Today -iň Russiýanyň RIA Nowosti habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Sergeý Rýabkow bu teklibi Eýran we Amerikan taraplaryna ýetirendigimizi we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hem muny bilýändigini aýtmak bilen bu teklip entek jikme-jik durmuşa geçiriliş tapgyryna girmedi diýdi.
Rýabkow ýakyn wagtda ABŞ bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirmegiň mümkinçiligini hem yglan etdi we ikitaraplaýyn meseleler boýunça bu gepleşikleriň tomus aýynyň ahyryna çenli geçirilip bilinjekdigini aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ozal beren beýanatynda, Moskwanyň Eýrany parahatçylykly ýadro programmasy üçin ýeterlik derejede baýlaşdyrylan urany üpjün etmäge taýýardygyny yglan edendir.