UNRWA: Gazada ýeterlik iýmitlenmezlik ýokarlanýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27006
Birleşen Milletler Guramasynyň Kömek we Iş Guramasy (UNRWA) mart aýynda gabaw başlaly bäri Gazada ýeterlik iýmitlenmezligiň ýokarlanandygyny habar berdi.
(last modified 2025-07-13T11:05:03+00:00 )
Jul 13, 2025 16:05 Asia/Ashgabat
  • UNRWA: Gazada ýeterlik iýmitlenmezlik ýokarlanýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Kömek we Iş Guramasy (UNRWA) mart aýynda gabaw başlaly bäri Gazada ýeterlik iýmitlenmezligiň ýokarlanandygyny habar berdi.

UNRWA 2025-nji ýylyň martynda gabaw başlanaly bäri Gazadaky lukmançylyk merkezinde ýeterlik iýmitlenmezlik ýagdaýynyň köpelendigini aýtdy we esasy lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligine garamazdan, Agentligiň lukmançylyk toparlarynyň iň ejizlere kömek etmek üçin Gazada işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.

UNRWA ozal Gazada agyz suwunyň we arassaçylygyň ýetmezçiliginiň, şeýle hem gaçybatalga ýerleriniň aşa köp bolmagy we tomusyň yssylygy saglyga agyr netijeleri getirjekdigini mälim edipdi.

Agentlik Gazadaky gabawyň ýatyrylmalydygyny we bu zolaga ynsanperwer kömeginiň täzeden başlamagyna ýol berilmelidigini aýtdy.