BMG-nyň Baş sekretary: Gazanyň ýagdaýy gorkunç we elhençdir
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş Gazadaky ýagdaýy gorkunç diýip häsiýetlendirdi we diňe Gaza zolagynda atyşygyň bes edilmeginiň ýeterlik däldigini aýtdy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş Gazadaky ýagdaýy "elhenç" diýip häsiýetlendirdi we bu sebitiň soňky döwürde görlüp-eşidilmedik ölüm we weýrançylyklara şaýat bolandygyny we Gazanyň halky üçin adam mertebesiniň esasy şertleriniň pese gaçandygyny aýtdy.
BMG-nyň bu ýokary derejeli resmisi 5 million adamyň öz topraklarynda hukuksyz ýaşamak pikiriniň adamzada we halkara hukugyna garşydygyny aýtdy.
BMG-nyň Baş sekretary mundan beýläkki çäreleriň görülmelidigini aýtmak bilen "Gazada hemişelik ýaraşyk gerek" -diýdi.
BMG-nyň OCHA (Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi), UNDP (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy), UNFPA (Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy), UNISEF (Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy), UNOPS (Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama Hyzmatlary Ofisi), UNRWA (Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugy) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (Bütindünýä Azyk Maksatnamasy) WHO (Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy) we WFP (Bütindünýä Azyk Maksatnamasy) agentlikleri Gazadaky ýangyç ýetmezçiligi barada bilelikdäki beýanynda duýduryş berdiler.