UNISEF: Gazanyň çagalary barada kemçilik göýberdik
UNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Katrin Rassel BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Gaza zolagynda çagalaryň ýagdaýy barada duýduryş berdi we "Gazanyň çagalary barada kemçilik göýberdik" -diýdi.
UNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Katrin Rassel şeýle-de ýönekeý hakykat, Gazanyň çagalary barada kemçilik göýberdik. Bu şowsuzlygy olaryň nukdaýnazaryndan görsek, bu olaryň sagdyn, howpsuz we bilimli çagalyk hukugyna dönüklikdir. Şowsuzlygymyz üçin taryh we çagalar bize höküm ederler. Gazanyň çagalary, dünýädäki çagalar ýaly, asuda ýaşamaga mynasypdyr. Olara mynasyp geljegi üpjün etmek biziň borjumyzdyr. Biz has gowy amal etmeli diýdi.
BMG bu resmisi şeýle-de häzirki konfliktiň başyndan bäri palestinaly çagalar gaty ejir çekdiler. Çagalar öldürildi, ýaralandy we zamun alyndy. Çagalar ýetim galdy we ýaralandy. Çagalar aç we arassa suwy ýok. Çagalar mekdepden mahrum bolýarlar we öýleriniň howpsuzlygy ýok diýip nygtady.