Russiýa Ysraýyl Knessetiň Günbatar Şeriýanyň anneksiýa kanunyny tassyklamak baradaky ädimine garşydyr
Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryny birikdirmek baradaky islendik ädiminiň sebitdäki dartgynlygy güýçlendirjekdigini duýdurdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni beren beýanatynda: Moskwa, Ysraýyl Knessetiň (parlamentiň) Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky resmi özygtyýarlylygy amala aşyrmagy baradaky bu ädiminiň Ysraýylyň bu meýilnamany durmuşa geçirmek üçin aýgytly ädim ätmegine sebäp bolmazlygyna garaşýar diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi sözüniň dowamynda şeýle ädim elbetde hasam dartgynlyga sebäp bolar, netijelerini Ysraýyl we tutuş Günbatar Aziýa üçin çaklamak kyn bolar diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Sionist režimiň Knessetiň bu ädimini Moskwanyň makullamaýandygyny mälim edip, Russiýanyň Ysraýyl kanun çykaryjylarynyň hereketlerine aşa negatiw garaýandygyny aýtdy.
Bu mesele Ysraýylyň "Oslo prosesi" boýunça borçnamalaryna we BMG Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryna ters gelýär. Sionist režimiň Knesseti (parlamenti) çarşenbe güni jemi 120 sesden 71 ses alyp, Iordan derýasynyň günbatar kenaryna we Iordaniýa jülgesine agalyk etmegi baradaky kanun taslamasyny tassyklady.