BMG: Ysraýyl Parlamentiniň Günbatar Şeriýa baradaky kararynyň kanuny ýagdaýy ýokdyr
BMG-nyň metbugat sekretarynyň yglan etmegine görä, Sionist režimiň Knessetiniň (Mejlisiniň) Iordan derýasynyň günbatar kenaryny we Iordan derýasyny anneksiýa etmegi baradaky karary kanuny statusy we güýji ýokdyr.
Pars Today -iň habaryna görä, BMG-nyň metbugat sekretarynyň orunbasary Farhan Hak penşenbe güni ýerli wagt bilen Sionist režimiň Knessetiň (Mejlisiň) Iordan derýasynyň günbatar kenaryny we Iordan derýasyny bu regime birikdirmek baradaky karary barada beren gürrüňlerinde, bilşime görä, bu kanuny statusy we güýji ýok jarnamadyr diýdi.
Farhan Hak şeýle-de, ýöne biziň nukdaýnazarymyzdan Günbatar Şeriýanyň we hakykatda tutuş basylyp alnan Palestina territoriýasynyň belli bir statusa eýe bolan sebitler hökmünde hormatlanylmalydygy we Ysraýyl bilen Palestiniň arasyndaky gepleşikler arkaly kesgitlenmelidigini düşündirdi. Bu sebitleriň ýagdaýyny üýtgetmek ýa-da üzgertmek üçin birtaraplaýyn synanyşyk edilmeli däldir.
24-nji Iýulda Ysraýyl Knessetiň (parlament) 120 agzanyň 71-siniň köplügi bilen režimiň Günbatar Şeriýa we Iordan derýasyna bolan özygtyýarlylygy baradaky kanun taslamasyny tassyklady.
Hasabata görä, Ysraýyl mejlisiniň kanun taslamasyny tassyklamagy Günbatar Şeriýany bu režime birikdirmek üçin ädimdir we gönüden-göni kanuny täsiri bolmasa-da, bu sebitleriň anneksiýa edilmegi meselesinde bu režimiň içinde aýdyň çemeleşmäni görkezýär.