Guterreş: Ysraýylyň dowamly basyp almagy bikanundyr
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş sionist režim tarapyndan basylyp alnan ýerleri basyp almagy bikanun diýip atlandyrdy we bu işiň bes edilmegini isledi.
Pars Today -iň habaryna görä, Sputnik habar gullugy BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş duşenbe güni agşam aç-açan beýanatynda sionist režim tarapyndan palestina ýerlerini basyp almagyň bikanundygyny we mümkin boldugyça gysga wagtda gutarmalydygyny aýtdy.
Guterreş sözüniň dowamynda Ysraýyl režiminiň howpsuzlyk meselelerini çözmek bilen bir hatarda palestina halkynyň kanuny hukuklary hem durmuşa geçirilmelidir diýdi.
BMG-nyň Baş sekretary şeýle hem Palestinanyň dolandyryş gurluşyny täzeden gurmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Palestinanyň bitewi özygtyýarlylygyna ýol açmaly we Palestina hökümetiniň täzeden gurulmagyny goldamaly diýdi.
Guterreş basyp alnan Palestindäki parahatçylyk etabynyň yza süýşürilmegi barada duýduryş bermek bilen Parahatçylyk tagallalary yza süýşürilmeli däldir, tersine, giç bolmazdan çäre görülmelidir diýip beýan etdi.
BMG-nyň Baş sekretary palestinalylary öz ýerlerinden zor bilen kowmak prosesini ýazgardy we Palestinalylary öz topraklaryndan kowmak parahatçylyk däl, diňe Ysraýylyň halkara derejesinde izolýasiýasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar diýdi.
Guterreş şeýle-de jynsparaz hereketleriň haýal etmän bes edilmegine we jenaýat edenleri jogapkärçilige çekilmegini berk talap etmek bilen Palestina halkynyň haýsydyr bir etnik arassalanmagynyň bes edilmegini isleýärin we bu jenaýatlary edenleriň jogapkärçilige çekilmelidigini nygtaýaryn diýip sözlerine goşdy.