Braziliýanyň Daşary işler ministri: Palestina döwletini ykrar etmek zerurdyr
Braziliýanyň Daşary işler ministri Mauro Wieira, duşenbe güni agşam BMG-nyň Nýu-Yorkorkdaky baş edarasynda Palestina boýunça geçirilen halkara konferensiýada eden çykyşynda Palestina döwletini ykrar etmegiň möhümdigini aýtdy.
Pars Today -iň "Al Jazeera" salgylanyp beren habaryna görä, Braziliýanyň Daşary işler ministri Mauro Wieira häzirki wagtda palestinalylaryň ýagdaýy, halkara hukugyna we adam hukuklaryna boýun egýändigimiziň synagydyr diýdi.
Wieira şeýle hem Palestina döwletini ykrar etmek we Birleşen Milletler Guramasynyň doly agzasy hökmünde kabul edilmegini goldamak möhümdir diýdi.
Norwegiýanyň Daşary işler ministri Espen Barthet Eide konferensiýada eden çykyşynda Palestina bilen uzak wagtdan bäri durup gelýäris we oňa maliýe goldawymyzy artdyrýarys diýdi.
Norwegiýanyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Palestina halky esasy hyzmatlardan peýdalanmakdan mahrum edilende halkara jemgyýetçiligi çäre görmelidir diýdi.
Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Alvarez hem BMG ýygnagynda eden çykyşynda iki döwletli çözgüt sebitde parahatçylygy gazanmagyň ýeke-täk ýoludyr we Palestina döwletini ykrar etmekden we BMG-de agzalygyny kabul etmekden başga-da durmuşa geçirilmelidir diýdi.
Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safadi hem bu halkara ýygnagynda eden çykyşynda iki döwletli çözgüt esasynda adalatly we dowamly parahatçylyga ygrarlydygymyzy we ony durmuşa geçirmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Saud Arabystany we Fransiýa tarapyndan bilelikde ýolbaşçylyk edilýän Palestina boýunça halkara konferensiýa ýerli wagt bilen Nýu-Yorkorkda iň ýokary derejede açyldy.
Bu konferensiýa, iki döwletli çözgüt esasynda Palestina meselesini parahatçylykly çözmek üçin tagallalary öňe sürmek maksady bilen başlandy.