Pakistan: Gaza halkara hukugynyň mazarlygyna öwrüldi
Päkistanyň Daşary işler ministri Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy agressiýasyny tankytlap, urşy haýal etmän togtatmaga çagyrdy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Pakistanyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Dar Palestina barada Birleşen Milletler Guramasynda geçirilen halkara ýygnagynda Gaza şu gün halkara hukugynyň we gumanitar ýörelgeleriň mazarlygyna öwrüldi diýdi.
Yshak Dar sözüniň üstüni ýetirdi: Ysraýyl režimi tarapyndan bu sebite gabaw we infrastrukturanyň nyşana alynmagy adamzadyň ähli gyzyl çyzyklaryndan geçdi diýdi.
Pakistanyň Daşary işler ministri şeýle-de Gaza zolagynyň ilatynyň köpçülikleýin jezasy bes edilmelidir we basylyp alnan Palestinada hemişelik we derrew ot açyşlyk bes edilmegi üçin ygtybarly halkara çäreleri görmegiň wagty geldi nygtady.