Pep Guardiola: "Adamzat öldi"
Iňlisiň Mançester Siti futbol toparynyň baş tälimçisi, sionist režimiň jenaýatlaryna garşy Gazanyň halkyna ýene bir gezek goldaw berdi.
Köp futbolçy we tälimçi Gazadaky çagalaryň elhenç ýagdaýyny we Ysraýylyň genosidini öz bähbitlerinden gorkup tankytlap bilmese-de, Iňlisiň Mançester Sitisiniň baş tälimçisi "Pep Guardiola" ikinji gezek Gazanyň halkynyň sesine öwrüldi we adamzat Gazadaky betbagtçylyklaryň öňünde dymmak sebäpli öldi diýdi.
IUNISEF-iň maglumatlaryna görä, Gazadaky 470 müň adam açlykdan we iýmitlenmezlikden ejir çekýär we 71 müň adam ölüm howpuna duçar bolýar.
Pep Guardiola geçen aý Palestina halkynyň ýagdaýyny agyr diýip häsiýetlendirip, Ysraýyl režiminiň bu uly jenaýatynyň öňünde dünýäni dymmazlyga çagyrdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Angliýadaky Mançester Siti tälimçisiniň aýdan sözleri sionistleri gaharlandyrdy we Gazany goldaýandygy üçin tälimçä köp basyş edildi.
Iňlisiň Mançester Siti futbol toparynyň baş tälimçisi şeýle hem adamzadyň ýoklugy Gazanyň çagalarynyň genosidine garşy çäre görülmedigine sebääp bolandyr diýdi.