Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň teksti çap edildi
Onlarça ýyllyk serhet dartgynlygyndan soň, Azerbaýjan respublikasy we Ermenistan anna güni Waşingtonda parahatçylyk şertnamasyna gol çekdiler we teksti duşenbe güni köpçülige aýan edildi.
Pars Today -iň habaryna görä, Azerbaýjan respublikasynyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrlikleri Waşingtonda gol çekilen parahatçylyk şertnamasynyň tekstini çap etdiler. 17 makaladan ybarat bu resminama, Ilham Aliýew, Nikol Paşinýan we Donald Trump gatnaşan üç taraplaýyn ýygnagyň çäginde tamamlandy.
Bu şertnama esaslanyp, iki ýurt Sowet Soýuzy döwründe Azerbaýjan respublikasy we Ermenistan serhetlerini resmi serhet hökmünde ykrar etdiler we birek-birege garşy territorial talaplarynyň ýokdugyny aýtdylar.
Taraplar şeýle hem haýsydyr bir howpdan ýa-da birek-biregiň territorial bitewiligine we syýasy garaşsyzlygyna garşy güýç ulanmazlygy we birek-biregiň içerki işlerine goşulmazlygy wada berdiler.
Ylalaşykda "tassyklama resminamalary" çalşylandan soň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygy we gepleşikleriň takyk serhedi kesgitlemek üçin gepleşikler başlanjakdygy aýdylýar.
Şeýle hem iki ýurt üçünji tarap güýçleriniň umumy serhetde ýerleşdirilmejekdigi barada ylalaşdylar.