Amnesty International: Açlyk palestinalylary gynamak üçin guraldyr
Amnesty International duşenbe güni Ysraýyl režiminiň soňky 22 aýyň dowamynda alyp barýan işleri, şol sanda Gazanyň gabawy we ýaşaýjylaryny esasy zerur zatlardan peýdalanmakdan mahrum etmek, palestinalylara garşy yzygiderli gynamalaryň we bilkastlaýyn açlygyň bir bölegidir diýip nygtady.
Amnesty International şeýle-de Ysraýylyň soňky 22 aýyň dowamynda alyp barýan syýasatlarynyň bilkastlaýyn palestinalylary ýok etmeklige gönükdirilendigini we olara garşy "dowam edýän genosid jenaýatynyň" aýrylmaz bölegidigini aýtdy.
Amnesty International guramasynyň uly gözleg müdiri Erika Guevara Halkara ulgam Ysraýyl režimine onlarça ýyl bäri palestinalylary gynamak üçin we bütinleý jezasyz galmaklary üçin ygtyýarnama berdi diýdi.
Amnesty International guramasynyň uly gözleg müdiri Gazadaky gabawyň gyssagly we şertsiz ýatyrylmagyny isledi we durnukly ýaraşygyň zerurdygyny we basyp alyşlygy dowam etdirmek ýa-da Zolakda harby hüjümi güýçlendirmek baradaky meýilnamalaryň bes edilmelidigini aýtdy.