Hytaýyň Týanjinin şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň 31-nji awgustda we 1-nji sentýabrda Týanjininde geçiriljekdigini habar berdi.
Hasabata görä, şu ýylky sammite Hytaýyň prezidenti Si Szinpin ýolbaşçylyk eder we çykyş eder. "Şanhaý plýus" ady bilen başga bir sammit käbir beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda Hytaýda hem geçiriler.
Eýran Yslam Respublikasy 2021-nji ýyldan bäri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi agzasy bolup durýar. Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Päkistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Belarus guramanyň beýleki hemişelik agzalarydyrlar.
Synçy agza hökmünde Mongoliýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Kamboja, Nepal, Şri-Lanka, Türkiýe, Saud Arabystany, Katar, Müsür, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn ýaly beýleki ýurtlar hem guramanyň gepleşik hyzmatdaşlarydyr.