Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy komitetiniň agzalary onuň Trumpa berilmegine garşy çykdylar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27218-parahatçylyk_boýunça_nobel_baýragy_komitetiniň_agzalary_onuň_trumpa_berilmegine_garşy_çykdylar
ABŞ-nyň prezidenti Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny almak isleýän bolsa-da, Nobel komitetiniň köpüsi oňa garşydyrlar.
(last modified 2025-08-26T07:31:41+00:00 )
Aug 26, 2025 12:31 Asia/Ashgabat
  • Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy komitetiniň agzalary onuň Trumpa berilmegine garşy çykdylar

ABŞ-nyň prezidenti Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny almak isleýän bolsa-da, Nobel komitetiniň köpüsi oňa garşydyrlar.

Donald Trump, prezidentlik möhletiniň ikisinde-de Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna güýçli dalaşgär bolupdy we soňky aýlarda edýän tagallalary hasam güýçlendi. ABŞ-nyň prezidenti soňky hepdelerde Ukrainada işlän parahatçylyk şertnamasynyň Nobel parahatçylyk baýragyny almagyň açary bolup biljekdigini aç-açan aýtdy, ýöne käbir komitet agzalarynyň garşylygy onuň ýoluny kynlaşdyrdy.

Waşington Post gazeti duşenbe güni habarynda Norwegiýanyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy komitetiniň bäş agzasynyň azyndan üçüsi Donald Trump-ny aç-açan tankytlady we baýrak almak üçin zerur sesleri almak ýoly belli däl diýip yglan etdi.

Waşington Post gazetiniň habaryna görä, Trumpyň kampaniýasy dünýä liderleri bilen köpçüligiň öňünde eden çykyşyny we Norwegiýanyň Maliýe ministri Jens Stoltenberg bilen şahsy maslahatlary öz içine alýar. Amerikan gazetiniň habaryna görä, Trump öz mümkinçiliklerine fatalistik garaýar we komitetiň hiç haçan onuň peýdasyna ses berip bilmejekdigini tassyklaýar.