Awstraliýanyň Eýrana garşy duşmançylykly hereketleri
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27220-awstraliýanyň_eýrana_garşy_duşmançylykly_hereketleri
Awstraliýanyň premýer-ministri sişenbe güni Yslam respublikasyny öz ýurdunda "anti-semit" hüjümlerinde aýyplady we Eýrana garşy duşmançylykly hereketleriň birnäçesini yglan etdi.
(last modified 2025-08-26T07:49:32+00:00 )
Aug 26, 2025 12:49 Asia/Ashgabat
  • Awstraliýanyň Eýrana garşy duşmançylykly hereketleri

Awstraliýanyň premýer-ministri sişenbe güni Yslam respublikasyny öz ýurdunda "anti-semit" hüjümlerinde aýyplady we Eýrana garşy duşmançylykly hereketleriň birnäçesini yglan etdi.

"Entoni Albanese" Eýrany Awstraliýada azyndan iki anti-semit hüjümine ýolbaşçylyk etmekde günäkärledi we Kanberranyň Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy. Awstraliýanyň premýer-ministri hiç hili subutnama bermezden Awstraliýanyň aňtaw gullugynyň Eýrany Sidneýdäki restorana we Melburndaky sinagogadaky hüjümler bilen baglanyşdyrandygyny aýtdy.

2023-nji ýylda Sionist režimiň Palestinanyň Hamas hereketine garşy söweşi başlaly bäri Awstraliýanyň iki şäherinde anti-semit hadysalary köpeldi. Şeýle-de bolsa, Awstraliýa hökümeti hiç hili subutnama bermezden dartgynlylygy döretmäge başlady. Bu, soňky aýlarda Awstraliýanyň Palestina tarapdar demonstrasiýalaryň köp bolan pursatyna gabat geldi.