Makron: Gazadaky söweş Ysraýyly masgara etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27228-makron_gazadaky_söweş_ysraýyly_masgara_etdi
Fransiýanyň prezidenti Ysraýylyň premýer-ministrine Gazadaky ganly we bikanun söweşi bes etmegi buýurdy.
(last modified 2025-08-27T07:31:58+00:00 )
Aug 27, 2025 12:31 Asia/Ashgabat
  • Makron: Gazadaky söweş Ysraýyly masgara etdi

Fransiýanyň prezidenti Ysraýylyň premýer-ministrine Gazadaky ganly we bikanun söweşi bes etmegi buýurdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron ýakynda Parisiň BMG Baş Assambleýasynda sentýabr aýynda Palestini ykrar etjekdigini habar berdi. Şondan soň bu režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hatynda Makronyň kararynyň anti-semitizme itergi berendigini aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron sişenbe güni hatynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň soňky sözlerini ret edip, oňa Gaza zolagynda bolup geçen ganly we bikanun söweşi bes etmelidigini aýtdy.

Makronyň hatynda şeýle diýilýär: Ysraýyly masgara eden we halkyňyzy petiklän bu gazaply hereketi we Gazadaky dowamly ölümli we bikanun söweşi bes etmegiňizi resmi taýdan talap edýärin.