Owganystanda ýer titremesinde ölenleriň sany 800-den geçýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27248-owganystanda_ýer_titremesinde_ölenleriň_sany_800_den_geçýär
Owganystanyň Talyban hökümetiniň soňky habaryna görä, ýer titremesinde peda bolanlaryň sany 800-den geçendir.
(last modified 2025-09-02T07:54:36+00:00 )
Sep 02, 2025 12:54 Asia/Ashgabat
  • Owganystanda ýer titremesinde ölenleriň sany 800-den geçýär

Owganystanyň Talyban hökümetiniň soňky habaryna görä, ýer titremesinde peda bolanlaryň sany 800-den geçendir.

Owganystanyň Talyban hökümeti, ýurduň gündogar welaýatlarynda ýer titremesinde peda bolanlaryň maşgalalaryna we ejir çekenlere duýgudaşlyk bildirmek bilen bir hatarda duşenbe güni beren beýanatynda: Owgan hökümetiniň ähli degişli edaralaryna ejir çeken sebitlere baryp, ähli çeşmelerini olara kömek etmek tabşyryldy. Owganystanyň gündogar welaýatlarynda ýekşenbe güni gije bolan ýer titremesi 812 adamyň ölmegine we 2800-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Owganystandaky "Talybanyň" wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid metbugat ýygnagynda bu habary tassyklandyr.

2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýekşenbe güni Owganystanyň gündogaryndaky Kunar, Nuristan, Nangarhar we Lagman welaýatlarynda 6.0 ball ululykda ýer titremesi boldy.

Ýekşenbe agşam ýerli wagt bilen giç sagat 23: 47-de bolup geçen ýer titremesinden soň birnäçe ýüwaş ýer titremesi boldy.