Ýewropa Bileleşigi: Eýranyň ýadro meselesi diňe diplomatiýa arkaly çözülip bilner
Ýewropa Bileleşiginiň metbugat sekretary ýadro ylalaşygyň agzalary bolan üç Ýewropa ýurdunyň Snap Back mehanizmi işjeňleşdirmek üçin alyp barýan işleriniň, Brýusseliň ýadro ylalaşygyny utgaşdyrmakdaky rolunyň gutarmagyny aňlatmaýandygyny we syýasy çözgüt tapmagyň entek wagtynyň bardygyny aýtdy we Eýranyň ýadro meselesi boýunça ylalaşyk gazanmagyň ýeke-täk ýoly gepleşikler we diplomatiýa arkaly diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň metbugat sekretary "Anwar Al-Awni" sözüniň dowamynda 30 günlük möhletiň (Snap Back) başlamagy bilen, bu diplomatiýanyň soňlanmagyny aňlatmaýar; tersine, indi bize mümkinçilik bar diýdi.
Topyň Eýranyň ýerinde bolandygyny öňe süren Al-Awni: Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy gepleşiklere esaslanýan çözgüt tapmak üçin elinden gelenini eder, sebäbi Eýranyň ýadro meselesine diňe diplomatik çözgüt jogap berip biler diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň metbugat sekretary şeýle-de indi çözgüt tapmak üçin 30 gün möhlet bar diýdi. Daşary syýasat işgäri öz roluny oýnamakda galýar we ähli taraplary bu ugurda gyssagly tagalla etmäge çagyrdy.