ABŞ üç sany palestinaly jemgyýetçilik guramasyna sanksiýa berdi
ABŞ-nyň Gazna ministrligi Halkara Jenaýat Kazyýeti (ICC) bilen hyzmatdaşlygy üçin Al-Hak, Al-Mizan Adam Hukuklary Merkezi we Palestina Adam Hukuklary Merkezi (PCHR) üçin sanksiýalar girizdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio penşenbe güni ýerli wagt bilen eden çykyşynda "Bu guramalar Ysraýylyň raýatlaryny derňemek, tussag etmek ýa-da jogapkärçilige çekmek baradaky işlerine Ysraýylyň razyçylygy bolmazdan gönüden-göni gatnaşdy" -diýdi.
ABŞ häzirki wagtda Gazadaky söweş jenaýatlarynda aýyplanýan Ysraýyl liderlerini tussag etmek barada karar çykarmak üçin kazyýete garşy basyş kampaniýasyny alyp barýar.
ABŞ sentýabr aýynda BMG Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda Palestina azat ediş guramasynyň we Palestina hökümetiniň agzalaryna wiza bermejekdigini mälim etdi.