Sionist režimi tarapyndan global "Al-Samoud" flotuna pilotsyz hüjüm
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27278-sionist_režimi_tarapyndan_global_al_samoud_flotuna_pilotsyz_hüjüm
Gaza zolagyna ynsanperwerlik kömegini berýän "Al-Samoud" deňiz flotunyň esasy gämisi Tunisde sionist režimi tarapyndan pilotsyz hüjüm edildi.
(last modified 2025-09-09T07:42:55+00:00 )
Sep 09, 2025 12:42 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimi tarapyndan global

Gaza zolagyna ynsanperwerlik kömegini berýän "Al-Samoud" deňiz flotunyň esasy gämisi Tunisde sionist režimi tarapyndan pilotsyz hüjüm edildi.

"Al-Samoud" flotunyň esasy agzasy hökmünde "Maşgala" gämisine Tunisiň "Sidi Bou Said" portunda pilotsyz hüjüm edildi we käbir bölekleri ot aldy. Kerweniň agzasy "Wael Nawar" Al-Arabi Al-Jadeed bilen söhbetdeşlikde Maşgala gämisi Ysraýylyň pilotsyz uçary tarapyndan nyşana alyndy diýdi.

Bu hüjümden soň Tunisiň raýatlary "Sidi Bou Said" portuna ýygnanyp, Ysraýylyň "Al-Samud" flotunyň gämileriniň birine Ysraýylyň pilotsyz hüjümini ýazgardylar.

Bu hüjümden soň Gaza zolagyndaky deňiz kömek kerweniniň agzalary Tunis portlaryna mundan beýläk gämileriň girmelidäldigini habar berdiler.