BMG Adam Hukuklary Geňeşi Sionist režimiň Katara eden hüjümini ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27306-bmg_adam_hukuklary_geňeşi_sionist_režimiň_katara_eden_hüjümini_ýazgardy
BMG Adam Hukuklary Geňeşindäki dürli ýurtlaryň wekilleri Sionist režimiň Katara eden hüjümini ýazgardylar.
(last modified 2025-09-17T09:52:34+00:00 )
Sep 17, 2025 14:52 Asia/Ashgabat
  • BMG Adam Hukuklary Geňeşi Sionist režimiň Katara eden hüjümini ýazgardy

BMG Adam Hukuklary Geňeşindäki dürli ýurtlaryň wekilleri Sionist režimiň Katara eden hüjümini ýazgardylar.

Kuweýtiň BMG Adam Hukuklary Geňeşindäki wekili Sionist režimiň Katara eden hüjümini, bu ýurdyň ynsanperwerlik roluny oýnap we Gazada ot açyşlygy bes etmek üçin tagalla edýän wagty ýazgardy.

Pakistanyň wekili hem Ysraýylyň Katara eden hüjümini halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy hasaplap Kataryň Gazadaky söweşi bes etmek üçin araçylygy goldanylmaly diýdi.

Al-Žiriň wekili, Adam Hukuklary Geňeşinde arap toparynyň adyndan çykyş edip, Ysraýylyň Katara eden hüjümini halkara hukugynyň bozulmagy hasaplady we Halkara jemgyýetçiligi bu bidüzgünleriň öňüni almak üçin çäre görmeli diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili Ysraýylyň Katara eden hüjümini ýazgardy we Kataryň Ýewropa Bileleşiginiň strategiki hyzmatdaşydygyny aýtdy.

Hytaýyň, Indoneziýanyň we Günorta Afrikanyň wekilleri hem Ysraýyl režiminiň Katara eden hüjümini ýazgardylar we muny halkara hukugynyň bozulmagy diýip atlandyrdylar we Katar halkara jemgyýetçiliginiň ykrar edýän parahatçylykly tagallalaryny edýändigini aýtdylar.