Iňlis Palestina döwletini resmi taýdan ykrar etdi
Iňlis hökümeti ýekşenbe güni garaşsyz Palestina döwletini Günbatar bilen Sionist re`imiň arasyndaky barha artýan düşünişmezligi görkezýän taryhy ädimde ykrar etdi.
Angliýa öň sionist re`ime Gazadaky ynsanperwerlik krizisini ýok etmek üçin anyk çäreleri görmekden ýüz öwürse, “iki döwletli çözgüt” diýilýän zady goramagyň çäginde garaşsyz Palestina döwletini ykrar etjekdigini duýdurdy.
Tel Awiwiň hüjümleri haýal etmän duruzmak we ot açyşlygy bes etmek, dowamly parahatçylygy kepillendirmek we iki döwlet döretmek mümkinçiligini dikeltmek, Birleşen Milletler Guramasyna ynsanperwer kömegini ibermek we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Palestina ýerlerini basyp almakdan saklanmak baradaky karary Angliýanyň garaşýan beýleki ugurlarydy.
London resmileri bu şertleriň hiç biriniň ýerine ýetirilmändigini, hatda Ysraýylyň Katara eden soňky hüjüminiň hem ýaraşygyň gazanylmagyny öňküsinden has garaňkylaşdyrandygyny aýdýarlar.