ABŞ işgäri: Troikanyň Eýrana garşy sanksiýalaryna garamazdan gepleşik geçirmäge taýýar
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Waşingtonyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy Ýewropa Troika sanksiýalary gaýdyp gelsede, Tähran bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Eýrany gepleşikler geçirmäge birnäçe gezek çagyrandygyny öňe süren "Manyon Hýuston", Eýranyň halkara inspektorlaryny kabul etmäge taýýardygyny we Eýran Yslam Respublikasyna garşy Ýewropa Troika sanksiýalaryna garamazdan, gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Gaza barada hem biziň esasy ünsümiziň Gazadaky söweşi bes etmek we Ysraýyl tussaglaryny we jesetlerini yzyna gaýtarmakdygyny aýtdy. Şeýle hem, Hamasyň soňuny görmek isleýäris we bu hereketiň Gazada liderlik roly bolmaly däldir diýdi.
Şunuň bilen baglylykda ABŞ-nyň Günbatar Aziýa boýunça ýörite wekili we Waşingtonyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gytaklaýyn ýadro gepleşiklerinde wekili Stiw Wittakaf hem çarşenbe güni agşam, Eýran bilen aragatnaşyk saklaýandygyny toslady.