BMG Sionist ُrežimiň Gazadaky operasiýalarynyň möwjemegi barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27394-bmg_sionist_ُrežimiň_gazadaky_operasiýalarynyň_möwjemegi_barada_duýduryş_berdi
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarric soňky iki günüň içinde Gaza şäherinde Ysraýylyň harby operasiýalarynyň möwjemegine alada bildirdi.
(last modified 2025-09-27T08:12:05+00:00 )
Sep 27, 2025 13:12 Asia/Ashgabat
  • BMG Sionist ُrežimiň Gazadaky operasiýalarynyň möwjemegi barada duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarric soňky iki günüň içinde Gaza şäherinde Ysraýylyň harby operasiýalarynyň möwjemegine alada bildirdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarric, günortada ýaşaýjylaryň göçürilmegine garamazdan, şäherdäki on müňlerçe adamyň henizem ynsanperwer kömegine mätäçdigini habar berdi.

BMG resmisi, her sekiz-dokuz minutda bolup geçýän aýdylýan Gaza şäherinde yzygiderli howa hüjümleri we Ysraýylyň dikuçar partlamalary barada durup geçip, Gaza zolagynda BMG-nyň ulaglaryna hem hüjüm edilendigini, parahat ilata kömek bermegi kynlaşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hüjümleriň hiç hili ýagdaýda kabul edilip bilinmejekdigini we haýal etmän bes edilmelidigini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary gumanitar kömegi almak isleýän adamlara ot açylandygyna gynanç bildirdi we halkara hukugynyň berjaý edilmegine, parahat ilatyň we gumanitar infrastrukturanyň goralmagyna çagyrdy.