BMG-de Wenesuelanyň Eýran bilen raýdaşlygy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27396-bmg_de_wenesuelanyň_eýran_bilen_raýdaşlygy
Wenesuelanyň Daşary işler ministri Iwan Gil Pinto öz beýanatynda ýakynda gorkak we jenaýatçylykly bomba partlamasyna şaýat bolan Eýrany parahatçylygy söýýän ýurt diýip atlandyrdy we Eýran bilen raýdaşlygymyzy ýene bir gezek yglan edýäris diýdi.
(last modified 2025-09-27T08:21:14+00:00 )
Sep 27, 2025 13:21 Asia/Ashgabat
  • BMG-de Wenesuelanyň Eýran bilen raýdaşlygy

Wenesuelanyň Daşary işler ministri Iwan Gil Pinto öz beýanatynda ýakynda gorkak we jenaýatçylykly bomba partlamasyna şaýat bolan Eýrany parahatçylygy söýýän ýurt diýip atlandyrdy we Eýran bilen raýdaşlygymyzy ýene bir gezek yglan edýäris diýdi.

BMG-nyň 80-nji Baş Assambleýasynda Wenesuelanyň Daşary işler ministri Iwan Gil Pinto Eýrany gorkak partlamanyň pidasy diýip atlandyrdy we öz ýurdunyň Eýran bilen raýdaşlygyny ýene bir gezek yglan edýändigini aýtdy.

Ol Eýran, Belarus, Demirgazyk Koreýa we Zimbabwe ýaly ýurtlara garşy mejbury çäreleriň doly we şertsiz ýatyrylmagyny isledi. Pinto palestinalylar bilen raýdaşlygyny bildirdi we Gazadaky genosidiň bes edilmegine isledi.

Ol şeýle hem Wenesuelanyň harby hüjümleri, pilotsyz uçarlar bilen öldürmek, ykdysady söweş we nebit sanksiýalary baradaky tejribesine salgylanyp, bu hereketleri jenaýat diýip häsiýetlendirdi.

Pinto Palestina halky bilen raýdaşlygyny yglan etdi we Gazadaky genosidiň bes edilmegini isleýäris diýdi.