Birleşen Milletler Guramasy Netanýahunyň izolýasiýa sahnasyna öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27400-birleşen_milletler_guramasy_netanýahunyň_izolýasiýa_sahnasyna_öwrüldi
Netanýahunyň BMG-de eden çykyşy bilen bir wagtda onlarça diplomat zaldan çykdylar; bu arap we Ysraýyl habar beriş serişdelerinde giňden ýaýran Gaza söweşine garşy açyk garşylykdyr.
(last modified 2025-09-27T08:49:56+00:00 )
Sep 27, 2025 13:49 Asia/Ashgabat

Netanýahunyň BMG-de eden çykyşy bilen bir wagtda onlarça diplomat zaldan çykdylar; bu arap we Ysraýyl habar beriş serişdelerinde giňden ýaýran Gaza söweşine garşy açyk garşylykdyr.

Onlarça diplomatyň Netanýahunyň çykyş edýän zalyndan gitmegi diňe bir Kataryň “Al Jazeera” ýaly köp sanly arap habar beriş serişdeleri tarapyndan däl, eýsem Ysraýylyň içerki habar beriş serişdeleri tarapyndan hem beýan edildi.

Pars Today -iň habaryna görä, diplomatlar tarapyndan bu çäre Netanýahunyň garşysyna, üçünji ýyl golaýlap gelýän Gazadaky söweş we genosidiň nyşany hökmünde kabul edildi.

Diplomatlaryň Netanýahunyň çykyşy bilen bir wagtyň özünde zaldan çykmagyna ünsi çekip, Ysraýylyň 12-nji kanaly muny Ysraýyla dünýä garaýşynyň aýdyň alamaty hasaplady we Netanýahunyň çykyşyndan onlarça gatnaşyjynyň gitmegi dünýäniň ýüzümize tüýkürmegi aňladýa diýdi.

Sionist toruň habaryna görä, Netanýahu çykyş edeninde zal diýen ýaly boşdy we Ysraýyl delegasiýasy ýerinden turdy we öwezini dolmak üçin el çarpmaga başlady. Ysraýylyň käbir habar beriş serişdeleri Netanýahunyň çykyşyny tankytladylar we BMG-daky çykyşyny gowşak we oňaýsyz diýip häsiýetlendirdiler.

Ysraýylyň 13-nji kanalynyň telewideniýesiniň habarçysy ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: Netanýahunyň çykyşyndan soň diplomatlar zaldan çykanlarynda, Netanýahunyň ýüzüne tüýkürmek däl-de, Ysraýylyň ýüzüne tüýkürmek boldy.