Müsür diplomatlary: Trumpyň Gaza baradaky meýilnamasy kabul ederlik däldir
Müsüriň öňki iki diplomaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Gazadaky meýilnamasyny parahatçylygyň garşysynda boýun egmek meýilnamasy diýip häsiýetlendirmek bilen onuň kabul ederlikli däidigini aýtdy.
BMG-syndaky Müsüriň ozalky ilçisi Moataz Halil, Trump-nyň Gazadaky inisiatiwasyny palestina halkyny we garşylygy boýun egmek meýilnamasy hökmünde häsiýetlendirmek bilen Trumpyň meýilnamasyny durmuşa geçirmek mümkin däl we ot açyşlygy bes etmek borjuny öz içine almaýar diýdi.
Müsüriň öňki Daşary işler ministriniň orunbasary Fawzi Al-Aşmawi hem bu mesele bilen baglanyşykly beren beýanatynda: Gysgaça aýdylanda, Donald Trump bilen Benýamin Netanýahunyň isleýän zady, boýun egmegiň deregine parahatçylykdyr diýdi.
şeýle ýagsaýda Ýemeniň Ansarullah hereketiniň uly agzasy Nasreddin Amer duşenbe güni agşam eden çykyşynda Donald Trumpyň Gaza baradaky meýilnamasyny kabul etmegiň taryhdaky Palestina üçin iň agyr zarba boljakdygyny aýtdy.
Amer şeýle hem hiç bir arap ýa-da yslam guramasynyň, hatda garşylygyňam, bir garyş Palestina topragyndan ýüz öwürmäge hukugy ýokdyr diýdi.
Duşenbe güni, Donald Trumpyň Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen bilelikdäki metbugat ýygnagyndan birnäçe sagat soň, Ak tam öz beýanynda ABŞ-nyň prezidentiniň Gaza üçin 20 punktly meýilnamasyny yglan etdi we meýilnama taraplar tarapyndan kabul edilse urşuň derrew bes ediljekdigini öňe sürdi.