Talyban ABŞ-daky owgan ilçihanasyny açmak isleýär
ABŞ-nyň prezidentiniň Bagramyň yzyna alynmagy baradaky soňky sözlerinden soň, Talybanyň metbugat sekretary bu toparyň ABŞ-nyň resmileri bilen Waşingtondaky owgan ilçihanasyny açmak barada gepleşik geçirýändigini aýtdy.
Owgan talyban hökümetiniň metbugat sekretary "Zabihullah Mujahid" owgan resmileriniň ABŞ bilen Waşingtonda ýerleşýän ilçihanasyny açmak barada gepleşik geçirýändigini aýtdy. "Sky News" bilen söhbetdeşlikde Mujahid ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň hem ýakyn wagtda açylmagyna umyt bildirdi.
Bu aralykda, Talybanyň metbugat sekretary Bagram bazasynyň ABŞ-a berilmegini hem ret etdi we owgan raýatlarynyň Bagramyň hiç bir ýurda berilmegine asla rugsat bermejekdigini aýtdy.
Ondan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Bagram bazasyny yzyna almak isleýändigini we oňa gözegçilik etmek üçin Talyban bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.