Gazadaky gumanitar betbagtçylyk
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27462-gazadaky_gumanitar_betbagtçylyk
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy gazaply hüjümleri wagtynda bu zolagyň 15,000-den gowrak ýaşaýjysynyň beden bölekleriniň biri kesildi diýip yglan etdi.
(last modified 2025-10-15T14:51:09+00:00 )
Oct 15, 2025 19:51 Asia/Ashgabat
  • Gazadaky gumanitar betbagtçylyk

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy gazaply hüjümleri wagtynda bu zolagyň 15,000-den gowrak ýaşaýjysynyň beden bölekleriniň biri kesildi diýip yglan etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Gaza zolagynda 15,600-den gowrak hassanyň gyssagly lukmançylyk hyzmatlaryny talap edýändigini habar berdi.

Hasabatda Gazada ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleriň güýçlendirilmelidigi aýdylýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şeýle hem ot açyşlygyň bes edimek şertnamasy ýerine ýetirileli bäri Gaza zolagyna ýeterlik lukmançylyk enjamlary girmedi diýip yglan etdi.

Dürli bahana bilen ýaraşyk düzgünlerini bozmaga synanyşýan Sionist režimi, Gazadaky palestinaly raýatlara hüjüm etmegini dowam etdirmekden başga-da, zolaga iberilen ynsanperwer kömeginiň mukdaryny iki esse azaltdy.

Roýter habar gullugynyň habaryna görä Sionist režimi Birleşen Milletler Guramasyna ylalaşylan kömegiň diňe ýarysynyň Gaza zolagyna girmegine rugsat berjekdigini habar berdi. Şeýlelik bilen, şu gün, çarşenbe gününden başlap, ylalaşylan 600 ýük awtoulagynyň ýerine Gaza zolagyna diňe ynsanperwer kömegini alyp barýan 300 awtoulag girer.