Hytaýyň kompaniýalaryna sanksiýa bermek baradaky Angliýanyň ädimine Hytaýyň beren jogaby
Hytaý, Russiýanyň energiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy bahana bilen Hytaý kompaniýalaryna sanksiýa bermek baradaky Angliýanyň ädimini bikanun hereket hasaplady.
Çarşenbe güni Angliýanyň Russiýanyň energiýa pudagyny goldaýandygy bahanasy bilen sanksiýalara sezewar edilýän guramalaryň sanawyna birnäçe hytaý kompaniýasynyň adyny goýmak baradaky ädimine jogap edip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Lin Jian, Hytaý Angliýanyň bu ädiminden gaty nägile we bu meselä çynlakaý garşydygyny aýtdy.
Lin Jian şeýle hem Hytaý halkara hukugynyň esasynda we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň rugsady bolmazdan birtaraplaýyn sanksiýalara hemişe garşy çykýar we garşy durar diýdi.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Lin Jian ondan ozal Waşingtonyň Pekiniň Russiýa bilen söwda we energiýa hyzmatdaşlygyna edýän basyşyny tankytlap ABŞ-nyň çemeleşmesi birtaraplaýyn ykdysady sütemiň we zorlugyň mysalydyr, biz ykdysady zorluklara we bikanun sanksiýalara garşy durarys diýipdi.