Petronyň tankytlaryna Trumpyň gahary
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27486-petronyň_tankytlaryna_trumpyň_gahary
ABŞ-nyň prezidenti Kolumbiýanyň prezidentini neşe önümçiligini goldamakda aýyplady we ABŞ-nyň bu ýurda berýän maliýe kömeginiň kesiljekdigini aýtdy.
(last modified 2025-10-19T14:49:18+00:00 )
Oct 19, 2025 19:49 Asia/Ashgabat
  • Petronyň tankytlaryna Trumpyň gahary

ABŞ-nyň prezidenti Kolumbiýanyň prezidentini neşe önümçiligini goldamakda aýyplady we ABŞ-nyň bu ýurda berýän maliýe kömeginiň kesiljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump, Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petronyň ýurtda neşe önümçiliginiň artmagyna ýol berendigini we munuň öňüni almak üçin hiç zat etmeýändigini aýtdy.

Trump ABŞ-nyň Kolumbiýa mundan beýläk hiç hili maliýe kömegini bermejekdigini we bu ýurt neşe fermalaryny ýapmasa, ABŞ-nyň özi çäre görjekdigini aýtdy. Muňa jogap edip Kolumbiýanyň prezidenti ABŞ-nyň Karib deňzindäki harby hüjümlerini ýazgardy we bu hüjümlerde bigünä balykçylaryň öldürilendigini aýtdy.

Soňky hepdelerde ABŞ sebitdäki ýurtlaryň nägileligini döreden Karib deňzinde neşe gaçakçylygynda güman edilýän birnäçe gaýyga hüjüm etdi.