Hytaý: Birtaraplaýynlygyň artmagy dünýäniň syýasy we ykdysady gurluşynda durnuksyzlygy artdyrýar
Hytaý bilen ABŞ-nyň liderleriniň arasyndaky mümkin duşuşykdan öň, Hytaýyň wise-prezidenti birtaraplaýynlygyň we mejbury syýasatyň artmagynyň global syýasy we ykdysady tertipde durnuksyzlygy has-da güýçlendirendigini aýtdy.

Hytaýyň wise-prezidenti Han Žen Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda geçirilen Geljekki Maýa Goýum Başlangyjy Maslahatynda birtaraplaýynlyk barada çykyş etdi. Han Žen şeýle diýdi: Häzirki wagtda ykdysady globallaşma agyr synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar; söwda goragçylygy artýar we birtaraplaýynlygyň we mejbury syýasatyň ösmegi dünýäniň syýasy we ykdysady gurluşynda näbelliligiň derejesini ýokarlandyrdy diýdi.